Näme uçin men saýladym Belarusiyany?

Belarusiýa Respublikasy - owadan ýurt, Ewropa dowletiñ merkezinde ýerleşip, 5 dowletler bilen aracakleşýär: Rossiýa, Ykraýina, Litwa, Latwiýa, Polşa.

Belarusiýa deňiz bilen araçäkleşenok, yöne muna garamazdan söwda we aragatnaşygy Ewropa we SNG döwletleri bilen alyp baryar. Belarusiýa döwleti gadymy baý taryhy ýurt, tebigy döwlet. Bu döwletde gadymy ösümliklere we haýwanlara duş gelip bolýar. Bu döwletde tokaýlar, derýalar, köller, arassa we uly meýdanlar bar.

Respublikada has hem göz oňüne tutulýan, uly goraghanalaryň proektlary we ösümlikleri görmek göz öňüne tutulýar.

Minsk paýtagty. Minsk döwletiň iň uly we döwrebap şäheri. Ol Belarusiýanyň syýasy, ykdysady, ylmy, medeni merkezi. Şäherde döwletiň iň esasy okuw jaýlary jemlenen. Minskde stadion, sport meýdançalary, howuzlary we sport toplumlary öz içine alýan 3600 gowrak sport obýektleri ýerleşýär. Minskde kän taryhy ýädygärlik bar. Belaruslar – muhman söýýer halkdyr. Daşary ýurtlylar belaruslara mahsus bolan agzybirlik we myhman söýýerlik bilen kabul edilýär. Belarusiýanyň bilim ulgamy ýokary depginler bilen ösýär.

Belarusiýanyň uniwersitetlerinde ýokary derejeli hünärmenlere bilim berýär. Belarusiýadaky okuw ýokary derejeli bilim almak, döwletiň medeniýeti bilen tanyşmak we täze tanyşlar edinmek mümkinçilikleri döredýär.

Biziň döwletimizde bilim almak üçin hemme şertler döredilen. Belarusiýa bilim ýokary hili we arzan tölegi bilen daşary ýurt okuwçylar üçin amatlydyr. Emma Belarus uniwersitetleriň diplomlary daşary ýurt döwletler tarapyndan ykrar edilen.

BGATU pudakda öňdebaryjy uniwersitetleriň biridir. Döredilenden bäri uniwersitet 47 müň uçurymlary göýberdi. Olar häzirki döwürde döwletiň agrosenagat pudagynda we beýleki halk hojalygyň pudaklarynda işleýärler. Olaryň köpüsi häzire çenli dürli kärhanalarda başlyk wezipeleri eýeleýärler.

Biziň şygarymyz BGATU inowasiýa, hil, perspektiwa! Uçurymlaryň ýokary derejeli hünärmen ýetişmekligi üçin biz elden gelenimizi edýäris.

Belorus döwlet agrar tehnik uniwersitetine okuwa çagyrýarys!

Department of International Relations

The training of foreign citizens